Dünýä Türkmenleri
AÝ/AR
0
Bu gepleşikde türkmenleriň dünýägaraýşy, ýaşaýyş medeniýeti we türkmen jemgyýetiniň ösüş ýoly barada pikir alyşylýar. Şeýle-de dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri we synlary söhbetdeşliklerde beýan edilýär. Gepleşik her hepdäniň ýekşenbe güni efire gidýär.
Afleveringen
-
DT: 'Men ýol ýazgylarymda özge ýurtlar bilen türkmen dünýäsiniň arasynda baglanyşyk gözledim' – ýazyjy 31.08.2025 15minBiz geçen gepleşigimizde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň golaýda çapdan çykan täze edebi eserleri barada ýazyjynyň özi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Nobatdaky programmamyzda şol gürrüňdeşligiň ikinji bölümi diňleýjileriň dykgatyna ýetirilýär. -
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň uly göwrümli, täze edebi eserleri çapdan çykdy 24.08.2025 15minDünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany täze edebi eserleriň awtory, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlige gönükdirilýär. -
DT: 'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi 17.08.2025 15minDünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany asly owganystanly etniki türkmenleriň bosgunlykda täze syýasy partiýa esaslandyrmagyna gönükdirilýär we soňky täzeligiň fonunda bu ýurtda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň meselelerine çyra tutmaga çalyşýar. -
DT: Tireparazlyk we ýerliçillik çekişmeleri halk bilen häkimiýetiň barlyşyk boşlugyny 'açyp görkezýär' 10.08.2025 15minAzatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň nobatdaky sany türkmen jemgyýetinde has-da aktuallaşan tireparaz we ýerliçil garaýyşlara ýakyndan syn etmäge synanyşýar. -
DT: Türkmenleriň çarwa we çomur ýaşaýyş medeniýeti, türki halklaryň mifologiýasy barada söhbet 25.05.2025 15minDünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany ýaňy-ýakynda Türkiýede ‘professor’ ylmy adyny alan asly türkmensähraly sungat taryhyny öwreniş ylymlarynyň doktory Abdyrahman Düýeji bilen türkmenleriň ýaşaýyş medeniýeti barada geçirilen söhbetdeşligiň ikinji bölümini diňleýjileriň dykgatyna ýetirýär. -
DT: Türkiýede 'professor' ylmy adyny alan etniki türkmen ylym ýolunyň sepgitleri barada gürrüň berýär 18.05.2025 15min -
DT: 1941-1945-nji ýyllaryň urşy türkmenler üçin, hakykatdan-da, Beýik Watançylyk urşy boldumy? 11.05.2025 15minŞu ýyl II Jahan urşunda Nazi Germaniýasyndan üstün çykylmagynyň 80 ýyllygy bellenip geçilýär. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy Türkmenistanyň döwlet mediasynda Beýik Watançylyk urşy atlandyrylýar. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany şu tema gönükdirilýär. -
DT: Türkmenistanda azat metbugatyň duçar galan täleýi 04.05.2025 15minDünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany 3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli erkin metbugatyň Türkmenistandaky ýagdaýyna gönükdirilýär. -
DT: Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýar 20.04.2025 15minAdam atlary boýunça Türkmenistandan gelip gowuşýan soňky täzelikleriň fonunda, Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmen adam atlarynyň aýratynlyklaryna, etniki azlyklaryň medeni hukuklaryna gönükdirilýär. -
DT. Mekdeplerde okadylýan sapaklar hakyky durmuş bilen, dünýä bilen aýakdaş gitmeli – synçy 13.04.2025 15minDünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany soňky täzelikleriň fonunda Türkmenistanyň bilim ulgamyna gaýtadan nazar aýlamaga synanyşýar. -
DT: Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy? 06.04.2025 15minDünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň syýasatdaky ornuna nazar aýalmaga çalyşýar. -
DT: Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbaryň 120 ýyllygy bellendi 23.03.2025 15minŞu ýyl Türkmenistanda meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenýär. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň arasynda "özboluşly sungat mekdebine öwrülen" ussat bagşynyň ýubileý toýuna bagyşlanýar. -
Diňle: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? (2-nji bölüm) 16.03.2025 15minProgrammamyzyň nobatdaky sanynda türkmen diliniň käbir häzirki zaman meseleleri, şol sanda dildäki alynma sözleriň millileşdirilmegi ýaly temalar boýunça türkmen dilçisi we ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen geçiren söhbetdeşligimiziň ikinji bölegini diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris. -
DT: Türkmen dilinde alynma sözler nähili millileşdirilýär? 09.03.2025 15minDünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany häzirki zaman türkmen dilindäki alynma sözleri millileşdirmek boýunça alnyp barylýan tagallalara syn edýär. -
DT: Türkmenlerde 'territorial bitewilik' we 'ruhy birlik' ýörelgeleriniň geçen sepgitleri 02.03.2025 15minProgrammamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň düşünje dünýäsinde, pikir örüsinde we syýasy gözýetiminde döwletlilik we territorial bitewilik ýörelgeleriniň tutýan ornuna nazar aýlaýar. -
DT: Türkmensähra bilen arada serhet çekip, türkmen ilatyny 'emeli diwar bilen böldüler' 16.02.2025 15minDünýä Türkmenleri programmamyzyň Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna bagyşlanýan gepleşikler tapgyry dowam edýär. -
DT: Türkmensähra asyrlarboýy türkmenleriň mekan tutan taryhy mesgeni boldy - Abdyrahman Düýeji 09.02.2025 15minDünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyndan söhbet açýar. -
Eýranyň 'türkmen şäherine' etniki türkmen häkim bellendi, ýöne 'demografik inženerçilik' dowam edýär 02.02.2025 15minProgrammamyzyň bu sany Eýranda türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan iri şäherleriniň birinde gelip çykyşy boýunça etniki türkmeniň häkim wezipesine bellenmegini, şol bir wagtda, bu ülkede türkmen azlyklarynyň medeni hukuklarynyň basgylanmagynyň dowam etdirilmegi boýunça aladalary üns merkezine çekýär. -
DT: Pyragy we Puşkin milli medeniýetlere 'gönezlik' bolmak jähetden birmeňzeş wezipeleri 'ýerine ýetirdi' 05.01.2025 15minAzatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy 2024-nji ýylda at-owazasy jahana dolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllgyna bagyşlanýan gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümi bilen dowam edýär. -
DT: 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň dabarasy dag aşdy 29.12.2024 15minTürkmenistanda “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atlandyrylan 2024-nji ýyl tamamlanýan mahaly, Dünýä Türkmenleri gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan möhüm ýylyň edebi agramyna syn edýär, bu tema boýunça ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirýär.