5'iň ikisi

5'iň ikisi

sonacharyyeva
Country USA
Language TK
Episodes 2
Latest 08.11.2026

5’iň ikisi atly podkast iki adamyň durmuş baradaky pikirlerini ortaýa goýýar. Olar iş, pul, gatnaşyklar, daşary ýurtda ýaşamak we gündelik aladalaryň üstünden gürleşýärler. Käwagt bir pikire gelýärler, köplenç bolsa biri beýlekisiniň pikirini nädogry hasaplaýar. Netije hökman bir bolmaly däl, ýöne gepleşik gyzykly geçýär.

Episodes

  • 4- Aýjemalyň Nukdaýnazaryndan
    4- Aýjemalyň Nukdaýnazaryndan 08.11.2026 31m
    Gyz maşgala bolup, Türkmenistanda ýeke özüň syýahat etmek nähilikä? 👀Bu bölümde myhmanymyz Aýjemal (Nukdaýnazar) bilen onuň Türkmenistanyň welaýatlaryna eden solo syýahatlary barada gürrüňdeş bolduk.Ene-atasy ony ýeke gezmäge nädip goýberdi? Syýahat üçin puly nireden tapdy? Gitjek ýerlerine nähili taýýarlyk gördi? Iň esasy-da, ýolda nähili gyzykly we üýtgeşik wakalara duş geldi?Bu bölüm biraz syýahat, biraz başdan geçirmeler hakynda boldy.🎙️ 5’iň ikisi | 4-nji bölüm
  • 3- Puluny ödeýän zatlar
    3- Puluny ödeýän zatlar 13.10.2026 28m
    Käbir zatlara pul sowanyňa ökünýäň, käbirlerine bolsa «Näme üçin muny öňräk almandyryn?» diýýäň :)Bu bölümde beren pulumyza hakykatdanam degen zatlar barada gürleşdik. Kindle, AirPods, YouTube Premium, gowy ýassyk, awtoulag we başga-da gündelik durmuşymyzy ýeňilleşdirýän zatlar...Gymmat zat hemişe gowy zatmy? Ýa-da käwagt iň ýönekeý zat iň peýdaly maýa goýummyka?Gep diňe pulda däl, şol puluň ýerine näme alýandygyňda.🎙️ 5’iň ikisi | 3-nji bölüm
  • 2-Daşary ýurtda ýaşamagyň görünmeýän taraplary
    2-Daşary ýurtda ýaşamagyň görünmeýän taraplary 19.09.2026 20m
    Daşary ýurtda ýaşamak daşyndan nähili görünýär, içinden nähili?Bu bölümde daşary ýurtda ýaşamagyň kän gürrüň berilmeýän taraplary barada gürleşdik. Täze ýere öwrenişmek, hemme zady täzeden gurmak, käwagt ýalňyzlyk çekmek we wagtyň geçmegi bilen iki durmuşyň arasynda galmak...Daşary ýurt diňe täze mümkinçilikler we owadan suratlardan ybarat däl. Käbir zatlary diňe ýaşap göreniňden soň düşünýäň.
  • 1-Hünär
    1-Hünär 01.09.2026 28m
    “Halaýan işiňi et, şonda ömrüňde bir günem işlemersiň” diýýärler. Bizem şol söze ynanmalymy ýa aýlyk hakyna seretmelimi diýip pikir etdik. :)Bu bölümde hünär saýlamak, halaýan işiň bilen pul gazanmagyň arasyndaky tapawut, işden näme garaşýandygymyz we “dogry hünär” diýen zadyň hakykatdanam bardygy barada gürleşdik.